Guterreş: Gazany iýmitden mahrum etmek kabul ederliksizdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23366-guterreş_gazany_iýmitden_mahrum_etmek_kabul_ederliksizdir
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary sionist režimiň Gaza zolagyny doly gurşap almak kararyna reaksiýa bildirdi.
(last modified 2023-10-10T05:18:27+00:00 )
Oct 10, 2023 10:18 Asia/Ashgabat
  • Guterreş: Gazany iýmitden mahrum etmek kabul ederliksizdir

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary sionist režimiň Gaza zolagyny doly gurşap almak kararyna reaksiýa bildirdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres duşenbe güni Gaza zolagyny azyk we esasy hyzmatlardan mahrum edip bolmajakdygyny aýtdy.

Guterreş şeýle-de "Gaza zolagyny azyk we esasy hyzmatlardan mahrum etmek kabul ederliksizdir we Gaza zolagyna girmek üçin gumanitar kömek talap edýäris"-diýdi.

Sionist režimiň söweş ministri Gallant Gazanyň doly gabawlamak baradaky buýrugyny yglan etdi we buýrugyna görä sebite suw, elektrik ýa-da ýangyç girmeli däldigini aýtdy.

Sionist režimiň Energetika ministri Ysraýyl Katz hem "Gaza zolagyna suw üpjünçiligini derrew kesmegi buýurdym" -diýdi.

Şol bir wagtda Eýranyň adam hukuklary merkeziniň sekretary Kazem Garibabadi X sosial ulgamynda çap eden sargydynda şeýle ýazdy: Howpsuz we arassa agyz suwdan paýly bolmak hukugy adam hukugy hökmünde ykrar edilendir, indi Sionist režimiň Gazanyň halkyna suwy ýapmakdaky hereketi uruş jenaýaty hasaplanýar diýdi.