BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Palestindäki wakalar baradaky netijesiz ýygnagy
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ikinji ýygnagy anna güni agşam Palestinanyň garşylyk güýçleri bilen Ysraýyl režiminiň arasyndaky çaknyşyklaryň ýedinji güni ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi we hiç hili netije bermedi.
IRNA-nyň habaryna görä; BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bu ýygnakda sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin ähli tarapalar we ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ysraýyl režiminiň Gazany ewakuasiýa etmek möhletine alada bildirýändigini aýtdy we bu režimiň islendik hereketi gumanitar betbagtçylyga sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Guterreş, Gaza zolagyna ynsanperwer elýeterliligi üpjün etmegiň we kömegiň päsgelçiliksiz gelmegini, şeýle hem gumanitar hukuklara hormat goýmagy nygtady.
Aýdylşyndan; Bu ýygnakda gozgalan beýleki möhüm meseleleriň biri, Günbatar Şeriýa we Liwana dartgynlylygyň ýaýramagy boldy.
Şeýle hem, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia bu mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine Palestinanyň basyp alan ýerlerinde ot açyşlygy ýatyrmaga karar teklibini edendir.
Diplomatik çeşmelere görä, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň köpçülige açyk däldigini berk tankytlady.
Al-Aqsa güýçli tupan operasiýasyndan soň, azyndan 1500 sionist heläk boldy. Garşylyk operasiýasyndan soň sionist režimi söweş ýagdaýyny yglan etdi we Gaza zolagynda suwy we elektrik toguny kesdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky hasabatynda sionist režimi partlamalarynda 614 çaga we 370 aýal bilen birlikde 1900 gowrak Palestinaly raýatyň şehit bolandygyny yglan etdi.
Bu habara görä, Sionist režimi partlamalarynda ýedi müň 696 adamdan gowrak hem ýaralandy.