Baýden: Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagy ýalňyşdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23418-baýden_ysraýylyň_gazany_gaýtadan_basyp_almagy_ýalňyşdyr
Amerikanyň prezidenti Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagy ýalňyşlykdygyny duýdurdy.
(last modified 2023-10-16T04:46:08+00:00 )
Oct 16, 2023 09:46 Asia/Ashgabat
  • Baýden: Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagy ýalňyşdyr

Amerikanyň prezidenti Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagy ýalňyşlykdygyny duýdurdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýekşenbe güni CBS habar gullugyna beren interwýusynda ABŞ-nyň bu konfliktlere girmek mümkinçiligi barada beren gürrüňlerinde, muňa zerurlygyň ýokdygyny aýtdy.

Baýden sözüniň dowamynda Ysraýylyň zerur zatlaryň hemmesine eýe boljakdygyny kepillendirýärin diýdi.

Amerikanyň prezidenti Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagy ýalňyşlykdygyny aýtdy; Emma demirgazykda Hizbullany we günortada Hamasy ýok etmek zerur talapdyr diýdi.

Baýden, Günbatar Aziýada bolup geçýän wakalar sebäpli Amerikada terrorçylyk howpunyň artmagy baradaky soraga jogap hökmünde, hawa diýdi.

Hamasyň düýbünden ýok edilmelidigi baradaky başga bir soraga ABŞ-nyň prezidenti hawa diýdi.

Emma Palestina döwletini gurmagyň ýolulyň bolmagy hem zerurdyr diýdi.

Ol şeýle hem, "Gaza söweşiniň arkasynda Eýran barmy?" Diýen soragyň jogabynda bu gaty düşnükli, bu barada takyk resminama ýok diýdi.

Bu aralykda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň öňüni almady we diňe bu režimden uruş kanunlaryny berjaý etmegini isledi.