Sionist ekstremistler tarapyndan Amerikada bir palestinaly çaganyň öldürilmegi
Amerikadaky sionist ekstremistler bir palestinaly çaganyň kellesini kesdiler.
Sionistler tarapyndan bu palestinaly çaganyň elhenç öldürilmegi bir ýagdaýdadyr welin Ysraýylyň çaga öldürýän režimi bolsa edil şu günler palestinalylara garşy jenaýatlaryny dowam etdirýär.
IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, Illinoýs ştatynda radikal sionistler tarapyndan 6 ýaşly palestinaly çaga birnäçe gezek pyçaklanyp, kellesi kesilipdi.
Bu habara görä, bu çaganyň ejesi hem agyr ýaralanypdyr.
Amerikan Yslam gatnaşyklary geňeşiniň hasabatyna görä, bu ganhor jenaýat etýän wagty palestina we yslama garşy şygarlar aýdypdyr.
Amerikan Yslam gatnaşyklary geňeşi, Amerikan syýasatçylarynyň we habar beriş serişdeleriniň arasynda yslama garşy we palestina garşylygy bes etmegi isledi.
Amerikan polisiýasy ganhorlaryň ýaňky maşgalanyň musulman bolandygy we Gazadaky häzirki ýagdaý sebäpli bu jenaýaty edendigini habar berdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, bu ýurtda sionist režimiň tarapdary tarapyndan bir palestinaly çaganyň öldürilmegine reaksiýa bildirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bir palestinaly çaganyň ABŞ-da ekstremist adam tarapyndan öldürilmegine reaksiýa bildirmegi bir ýagdaýdadyr welin Waşingtonyň sionist režimi goldamak syýasaty ençeme ýyl bäri bu režimiň palestinalylara garşy etýän jenaýatlarynyň köpelmegine sebäp bolandyr.