Haniýe: Al-Moamedani keselhanasynyň jenaýatyna Amerika jogapkärdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i23434-haniýe_al_moamedani_keselhanasynyň_jenaýatyna_amerika_jogapkärdir
Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Al-Moamedani keselhanasyndaky jenavaty sionist duşmanyň masgaraçylykly şowsuzlygynyň alamaty hasaplady we Al-Moamedakydani keselhanasyn jenaýat üçin sionist duşmana çäksiz goldaw beren amerikalylaryň jogapkärdigini aýtdy.
(last modified 2023-10-18T04:25:18+00:00 )
Oct 18, 2023 09:25 Asia/Ashgabat
  • Haniýe: Al-Moamedani keselhanasynyň jenaýatyna Amerika jogapkärdir

Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Al-Moamedani keselhanasyndaky jenavaty sionist duşmanyň masgaraçylykly şowsuzlygynyň alamaty hasaplady we Al-Moamedakydani keselhanasyn jenaýat üçin sionist duşmana çäksiz goldaw beren amerikalylaryň jogapkärdigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Haniýe, bu jenaýatyň duşmanyň wagşylygyny görkezendigini we bu jenaýatyň sionistleriň Palestinany basyp alnandan bäri eden beýleki jenaýatlaryna goşulandygyny aýtdy.

Ol şeýle-de Sionist duşmanyň haýsydyr bir gymmatlyklara, kanunlara ýa-da däp-dessurlara hormat goýmaýandygyny aýtmak bilen Moamedani keselhanasynyň jenaýatyny edenler Sabra bilen Şatilanyň jenaýatyny we Bahr al-Bakar mekdebiniň jenaýatyny edenler we Müsür goşunynyň ýesirlerini öldürenlerdir diýdi.

Haniýe: Duşman özüniň masgaraçylykly ýeňlişini şu öldürmeler bilen gizläp bilýän myka diýip pikr edýän bolsa ýa-da Palestina halkyny boýun edip biler diýip pikr edýän bolsa, düýbünden ýalňyşýar diýdi.

Sionist režimiň Gaza zolagynda ýerleşýän Al-Moamedani keselhanasyna eden rehimsiz hüjümine jogap hökmünde Liwan Hizbullahyň garşylyk hereketi Yslam ymmatyny derrew mobilizlemäge çagyrdy we gahar-gazabyny we ýigrenjini görkezmegini isledi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Hizbullah ýazgarma sözleriniň peýdasynyň ýokdugyny belläp, şeýle diýdi: Ertir duşmana we onuň jenaýatlaryna garşy we Baýdeniň basyp alynan Palestina etjek saparyna garşy görlüp-eşidilmedik gahar güni bolmalydyr diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa sionistleriň Gazadaky keselhanany bombalamakdaky hereketini jenaýat we adamkärçiliksiz diýip häsiýetlendirdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom sionist režimiň Gazanyň demirgazygyndaky al-Momedani keselhanasyna eden wagşyçylykly hüjümini berk ýazgardy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom öz beýanatynda parahat ilaty we hassahanalary derrew goramaga we Gazadan ewakuasiýa buýruklarynyň ýatyrylmagyna çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ICEUNISEF) hem sionist režimiň Gazadaky al-Momedani keselhanasyna eden jenaýat hüjümini "berk ýazgardy" we ähli raýatlaryň goralmagyny talap etdi.

Palestina hökümetiniň prezidenti Mahmud Abbas sişenbe güni agşam Gaza zolagyndaky Al-Moamedani keselhanasynda bolan genosidden soň üç günlük ýas yglan etdi.

Düýn agşam (17-nji oktýabr, sişenbe) sionist režimi Gazadaky Al-Moamedani keselhanasyny bombalady, netijede 500-den gowrak adamyň şehit bolmagyna sebäp boldy, köpüsi aýallar we çagalardyr.