Amerika Gazadaky atyşygyň bes edilmegini weto etdi
Gazadaky al-Momadani keselhanasynda näsaglaryň gyrylmagyna garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyny weto edip, Gazadaky atyşygyň bes edilmegine ýene bir gezek garşy çykdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti Amerikanyň hereketine jogap edip: "Amerikaly kärdeşlerimiz Gaza meselesi boýunça goşa standart syýasatyny dowam etdirýärler" -diýdi.
Howpsuzlyk Geňeşiniň bu mejlisinde 12 agza bu taslamany goldady, Russiýa we Angliýa bolsa ses bermekden saklandylar.
Amerikanyň, Sionist režimiň bähbidine hasaplamaýan kararlarynyň öňüni almak ugrundaky hereketiniň uzak taryhy bar.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş çarşenbe güni Gaza ynsanperwer kömegini bermek we tussaglary boşatmak üçin haýal etmän ot açyşlygyň bes edilmegini talap etdi.
ABŞ-nyň Braziliýa kararyna weto goýmagyndan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Waşingtonyň bu karara weto goýup palestinalylara garşy söweşiň dowam etmegine jogapkärdigini aýtdy.
Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Riýad Mansur hem Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde şeýle diýdi: Bu geňeş sionist režim tarapyndan palestinalylaryň öldürilmegini togtadyp başarmady we şowsuz boldy diýdi.
Bu aralykda; Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Žang Jun: Howpsuzlyk Geňeşinde Ysraýyl regimi bilen Hamasyň arasyndaky konfliktiň bes edilmegi barada Braziliýa tarapyndan teklip edilen rezolýusiýasyna ABŞ-nyň weto goýmagy dogry bolup bilmez we düşünikli däldir diýdi.