Birleşen Milletler Guramasy: Ysraýyl giň täsirli partlaýjy ýaraglary ulanmakdan saklanmalydyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça ýokary Komissary Wolker Tulk sişenbe güni çykyşynda Ysraýyl ýaşaýyş ýerlerinde giň täsirli partlaýjy ýaraglary ulanmakdan saklanmalydyr diýdi.
IRNA habar gullugyyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça ýokary Komissary, Gazadaky ýagdaýyň suw, elektrik, derman we azyk ýetmezçiligi sebäpli betbagtçylyga duçar bolandygyny aýdyp, bu şäherde giňden atyşygy bes etmegi talap etdi.
Wolker Tulk şeýle hem Ysraýylyň Gazanyň raýatlaryna harytlara we hyzmatlara elýeterliligini inkär etmegini halkara hukugynyň bozulmagy hasaplady.
Al-Aqsa tupany bir ýagdaýda 18-nji gününe girendir welin Sionist režimiň bomba atyjy uçarlary Gazanyň ýaşaýyş we lukmançylyk ýerlerini bökdençsiz bombalamagy dowam etdirýändir, emma şu wagta çenli sionist güýçleri Gaza girip başaran däldirler, sebäbi olar Gaza girmegiň bukuda we batga girmegi we ondan beýle aňsat çykmak mümkin däldigini aňladýandygyny gowy bilýärler.
Iň soňky statistikalara görä, Sionist režimiň soňky 17 günde Gaza eden hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 5877, ýaralananlaryň sany bolsa 15273 adam bolandyr.