Amerikan senatorynyň Baýdene Gazadaky ýagdaý barada duýduryşy
(last modified Tue, 24 Oct 2023 11:10:45 GMT )
Oct 24, 2023 16:10 Asia/Ashgabat
  • Amerikan senatorynyň Baýdene Gazadaky ýagdaý barada duýduryşy

Amerikaly senator Gazanyň halkyny goldamaga çagyrdy we Amerikan hökümetinden Gazadaky ýagdaýy erbetleşdirmegiň ýerine oňa kömek etmegi göz öňünde tutmagyny isledi.

"Al-Naşrah" web sahypasynyň habaryna görä, Amerikan senatory Berni Sanders Amerikanyň Gazadaky ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny duýdurmak bilen Amerikanyň üpjün etmeli zady, Gaza zolagynyň ilatyna ynsanperwer kömegi ibermekdir diýdi.

Sanders ABŞ-nyň Senatynyň mejlisinde beren gürrüňlerinde şeýle-de Gazada öýlerini ýitiren, iýmiti, suwy we ýangyçy ýok bolan ýüzlerçe müň bigünä erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň bardygyna düşünmegiňizi isleýärin diýdi.

Bu amerikan senatory şeýle-de bu adamlaryň ýarysy çagalardyr. Gazanyň ilatynyň ýarysy çagadyrlar. Bir salym pikirlenmegiňizi isleýärin. Bir million adamyň, köpüsi garyp, suwy ýa-da iýmiti ýok diýip açyklap aýtdy.

Amerikanyň Sionist režiminiň jenaýatlaryna berýän goldawyna laýyklykda bu ýurt Günbatar Aziýa we Ortaýer deňzine birnäçe söweşiji we harby gämi iberdi.