Ysraýylyň barlygy dünýä üçin howp bolup durýar
(last modified Thu, 26 Oct 2023 07:57:41 GMT )
Oct 26, 2023 12:57 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň barlygy dünýä üçin howp bolup durýar

Päkistanyň Halk Partiýasynyň başlygy Sionist režimiň çozmagy wagtynda Gazada parahat ilatyň öldürilmegini bu režimiň maňlaýyndaky gara menek hasaplamak bilen Ysraýylyň barlygy dünýä üçin howpdyr diýdi.

"Bilawal Bhutto Zardari" Yslamabatdaky Palestina ilçihanasynda Gazanyň Şehitler ýadygärlik kitabyna gol çekilmeginiň çäginde Ysraýyl režimi tarapyndan palestinalylara garşy jenaýatlaryň we genosidleriň dowam etmegini ýazgardy. Zardari sözüniň dowamynda Päkistan halky Palestina we çydam toparyň ýanynda durýar we biz Ysraýylyň basyp alyjy režiminiň Gazadaky rehimsiz hüjüminiň nyşany bolan pidalar we bigünä raýatlar bilen raýdaşlygymyzy bildirýäris diýip beýan etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Pakistanyň öňki daşary işler ministri şeýle-de Sionistleriň adamzada garşy eden jenaýatlary olaryň maňlaýlarynda gara menek bolup, soňky döwürde bu režimiň palestinalylara garşy eden hüjümi Ysraýyl režiminiň barlygynyň dünýä üçin howp bolup durýandygyny subut edýär, şonuň üçin halkara jemgyýetçiligine haýyşymyz bu jenaýatlaryň dowam etmeginiň öňüni almak we Gazada derrew ot açyşlygy bes etmekdir diýdi.

Tags