Birleşen Milletler Guramasy Gazadaky gumanitar ulgamyň ýagdaýy barada duýduryş berdi
(last modified Sat, 28 Oct 2023 10:09:14 GMT )
Oct 28, 2023 15:09 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Gazadaky gumanitar ulgamyň ýagdaýy barada duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary Gazadaky müňlerçe parahat ilat üçin gumanitar ulgamyň doly ýykylmak howpunyň bardygyny duýdurdy.

IRIB habar gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi web sahypasyna salgylanyp beren habaryna görä, BMG-nyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" 27-nji oktýabr, anna güni beren beýanatynda Gazadaky gumanitar ulgam iki milliondan gowrak parahat ilat üçin göz öňüne getirip bolmajak netijeler bilen doly ýykyljakdygy barada duýduryş berdi.

Guterreş şeýle-de partlamanyň güýçlenmegi bilen zerurlyklaryň has möhüm we artýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, BMG amallary üçin ýangyç ýok, hassahananyň elektrik stansiýalary, suwy süýjediji desgalar, azyk önümçiligi we kömek paýlamak üçin ýangyç hem zerurdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Gazadaky umytsyz we gynandyryjy ýagdaýy göz öňünde tutup, Birleşen Milletler Guramasynyň kömek ibermegiň usulynda gyssagly we düýpli üýtgeşmeler bolmazdan Gazanyň içinde hyzmatlary dowam etdirip bilmejekdigini aýtdy.

Guterreş görgüler minutda köpelýär. Esasy üýtgeşmeler bolmazdan, Gazanyň ilaty görlüp-eşidilmedik derejede ejir çeker. Hemmeler öz jogapkärçiligini kabul etmeli. Bu pursat hakyky pursatdyr we taryh hemmämizi höküm eder diýdi.