UNISEF: Gazadaky çagalaryň ýagdaýy gaty erbet
UNISEF-iň metbugat sekretary hassahanalaryň goralmagyny, Gazada howpsuz gumanitar geçelgeleriň döredilmegini we ynsanperwer kömeginiň üznüksiz we yzygiderli berilmegini isleýäris diýdi.
"Al Jazeera" teleýaýlymynyň habaryna görä, UNISEF-iň metbugat sekretary Toby Friker sionist re regimeimiň Gazadaky çozuşynda şehit bolan çagalaryň sany barada beren gürrüňlerinde Gazadaky çagalaryň ýagdaýy elhenç we bu sebitde köp çaganyň pajigaly öldürlendigini aýtdy.
Friker sözüniň dowamynda biz hassahanalaryň goralmagyny, Gazada howpsuz gumanitar geçelgeleriň döredilmegini we parahat ilata ynsanperwer kömeginiň üznüksiz we yzygiderli berilmegini talap edýäris.
Sionist režimiň Gaza zolagynyň ýaşaýyş ýerlerine gazaply hüjümi yzygiderli dördünji hepde boldy we Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä sekiz müňden gowrak palestinaly şol sanda ýarysy goragsyz we ezilen palestinaly çagalar şehit boldylar.