Pakistanda millionlarça palestinaly tarapdarlar ýygnandylar
Palestini goldaýanlar, paýtagt Yslamabatda we Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Kwetta şäherinde Gaza zolagynda ýaşaýan palestinalylar bilen raýdaşlyk edip ýöriş etdiler.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Palestinanyň tarapdarlary ýekşenbe güni gije Kwetanyň Aýub stadionynda millionlarça adam ýygnanyşyp, Palestina baýdaklaryny göterip, sionist režimiň Gaza zolagynda ýaşaýan çagalary we aýallary öldürmekdäki jenaýatlaryny ýazgardylar.
Agzybirligiň görkezilmegi we Pakistanyň Kwetta halkynyň Gazadaky ezilen Palestina halkyna raýdaşlyk we duýgudaşlyk yglan etmegi Palestiniň hiç haçan ýeke bolmandygyny we Yslam ymmaty we dünýäniň azatlyk gözleýänleri elmydama Palestina halkynyň ýanyndadygyny görkezendir.
Pakistanyň Yslam Ulema Jemgyýetiniň başlygy " Maulana Fazlur Rehman" Kwetta şäherinde Palestina tarapdarlarynyň millionlarça gijeki ýygnanyşygynda Sionist režime we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýüzlenip şeýle diýdi: "Biz Gazanyň halkynyň ýanyndadyrs we ganymyz palestinaly doganlara degişlidir".
Şol bir wagtyň özünde paýtagt Yslamabatda pakistan raýatlary uly ýygnanyşyk geçirdiler we Labik Ya Aqsa we Labik Pa Palestina şygarlaryny aýtdylar we Palestina topragynyň Yslam dünýäsine degişlidigini yglan etdiler.