Sionistler tarapyndan Gazanyň halkyny gyrmaga italýanlaryň gahary
(last modified Sun, 05 Nov 2023 15:07:59 GMT )
Nov 05, 2023 20:07 Asia/Ashgabat

Italiýanyň raýatlary Günbatar hökümetleriniň sionist režimi tarapyndan Gazanyň ýaşaýjylaryny gyrmagyna garşy ölümli dymmagyny ýazgardylar.

Eýran Press gullugynyň habarçysynyň habaryna görä, şenbe güni ýene-de bir gezek Palestina halky bilen raýdaşlyk edip, Italiýanyň paýtagty Rim şäheriniň köçelerine müňlerçe adam geldi.

Palestina baýdaklaryny göterýän demonstrantlar, sionist režimi tarapyndan palestinalylaryň genosidiniň Günbatar häkimiýetleriniň gönüden-göni goldawy bilen dowam edýändigini habar berdiler.

Italiýaly bir okuwçy, Netanýahu we onuň günbatar tarapdarlaryna garşy uly ýazgyly matanyň bir burçuny tutup, Rimdäki Eýranpress habarçysyna şeýle diýdi: "Biz bu ýazgylar bilen, Günbatar häkimiýetleriniň dymmaklary bilen Ysraýyl terroristleri tarapyndan Gazanyň ýaşaýjylarynyň genosidine gatnaşýandyklaryny mälim edýäris".

Rimde ýaşaýan köp sanly musulman bolan demonstrantlar, adam hukuklary kategoriýasyna degişlilikde Günbataryň gapma-garşylykly çemeleşmesini we goşa standartlaryny tankytladylar.

Rimdäki palestinaly tarapdarlar "Genosidi bes ediň", "Gazany halas ediň" we "Ysraýyl terrorçy" diýen ýazgylary göterdiler.