Ysraýylyň jenaýatlaryny goldandan soň Baýdeniň halk arasyndaky orny azalýar
(last modified Thu, 23 Nov 2023 12:54:57 GMT )
Nov 23, 2023 17:54 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň jenaýatlaryny goldandan soň Baýdeniň halk arasyndaky orny azalýar

ABŞ-nyň prezidentiniň Ysraýylyň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryna goldawy, saýlawdan öň meşhurlygynyň azalmagyna sebäp boldy.

ABŞ-nyň indiki prezident saýlawy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler we dalaşgärleriň saýlaw başlamazdan ozal eden işleri saýlawçylaryň meşhurlygyna gönüden-göni täsir eder; Bu gezek Baýdeniň Gazanyň halkynyň Ysraýyl tarapyndan öldürilmegine we genosidine goldaw bermegi ony biynjalyk etdi we meşhurlygyny peseltdi.

"Waşington Post" gazetiniň habaryna görä, Gazada şehit bolanlaryň sanynyň köpelmegi bilen, Baýdeniň Ysraýyly goramagyndan nägile bolan köp sanly ýaş amerikan saýlawçysy üçünji tarap partiýanyň dalaşgärlerine ses bermek isleýär (Demokratik we Respublikan partiýanyň kandidatlaryndan başga) ýa-da saýlawlara gatnaşmjakdygyny aýtýarlar.

Baýdeniň Gazada ot açyşlygyň bes edilmegine garşy tutanýerli tutumy käbirleriň ony "Genosid Jo" diýip atlandyrmagyna sebäp boldy.

Sionist režimiň goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna eden hüjümleri netijesinde 14,500-den gowrak palestinaly şehit boldy we 35,000-den gowrak adam ýaralandy. Palestina Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä ýaralananlaryň köpüsi çagalar we aýallardyr.