Ýewropaly kanun çykaryjy Ýewropa Bileleşiginiň Ysraýylyň Gazadaky jenaýatlaryny goldaýandygyny tankytlady
(last modified Sun, 17 Dec 2023 08:38:55 GMT )
Dec 17, 2023 13:38 Asia/Ashgabat

Ýewropa Parlamentiniň Belgiýa wekili müňlerçe palestinaly çagany gyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň Ysraýylyň şärigi bolandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; sişenbe güni Ýewropa Parlamentindäki Belgiýanyň Zähmet partiýasyndan bolan Mark Butenga bu edarada, Sionist režimiň jenaýatlaryny goldamak we bu režime ýarag ibermek sebäpli Gazadaky 7700-den gowrak palestinaly çagany gyrmakda Ýewropa Bileleşigini Ysraýylyň şärigi hasaplady.

Butenga sözüniň dowamynda bir gün aýna ýüzüňize utançsyz seredip bilersiňiz diýip umyt edýärin diýdi.

Ol şeýle-de "Şu wagta çenli Ysraýyl tarapyndan 7,700-den gowrak palestinaly çaganyň gyrylandygyny" aýdyp, UNISEF-iň Gaza söweşine beren bahasyny tassyklady we "Bu çagalara garşy söweş" diýdi.