Lawrow: Russiýa Eýranyň territorial bitewiligine şertsiz hormat goýýar
(last modified Wed, 27 Dec 2023 10:01:23 GMT )
Dec 27, 2023 15:01 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Russiýa Eýranyň territorial bitewiligine şertsiz hormat goýýar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdolahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýa Eýranyň territorial bitewiligine tüýs ýürekden we dogruçyl hormat goýýar we bu Moskwanyň üýtgemeýän pozisiýasydyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni gije geçirilen telefon söhbetdeşliginde Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdolhiýan we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günorta Kawkaz bilen baglanyşykly wakalar, hyzmatdaşlygyň soňky ýagdaýy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar we käbir sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşdylar.

Bu telefon söhbetdeşliginde taraplar birek-biregiň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmaga ünsi çekdiler.

Russiýanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasyny asewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyna gol çekendigi bilen gutlap muny Eýran Yslam Respublikasy bilen Russiýa bilen bu bileleşigiň agza döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde örän möhüm ädim diýip atlandyrdy.

Amir Abdollahian hem Kawkazdaky häzirki wakalara salgylanyp, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasynda dowamly parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin gepleşikleriň geçirilişini garşy aldy we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy durnuklaşdyrmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň goldawyny nygtady.