Howpsuzlyk Geňeşiniň Gaza barada ýygnagy; Ysraýyl genosidi bes etmeli
(last modified Wed, 24 Jan 2024 10:03:34 GMT )
Jan 24, 2024 15:03 Asia/Ashgabat

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisi Gaza söweşi meselesinde geçirildi we dürli ýurtlaryň daşary işler ministrleri Amerikanyň Ysraýylyň jenaýatlaryny goldaýandygyny tankytlap, Palestina genosidiniň bes edilmegine ünsi çekdiler.

Eýranpress habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Palestina we Gaza meselesi barada gürrüň gozgap, Amerikanyň Gaza zolagy üçin goşa standarty bar we ynsanperwer kömeginiň bu sebite girmeginiň öňüni alýar diýdi.

ABŞ-nyň Günbatar Aziýa sebitine gatyşmagynyň betbagtçylyga, çaknyşyklara we urşa sebäp bolandygyny mälim eden Lawrow, palestinalylaryň Gazadan göçürilmeginiň ssenarisiniň elhençdigini we durmuşa geçirilmeli däldigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri palestinalylaryň garaşsyz hökümet we döwlete eýe bolmak hukugynyň bardygyny mälim etdi we palestinalylaryň geljekki Palestina döwletiniň görnüşi üçin Amerikan inženerçiligini kabul etmeli däldigini aýtdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Malaýziýanyň Daşary işler ministri Zambri Abdul Kadyr, BMG-nyň bu möhüm guramasynyň Gazadaky söweşi duruzyp bilmändigini aýtmak bilen Gaza zolagynyň ilatynyň 85% -i başga ýerlere göçmäge mejbur boldylar we Ysraýyl mekdepleri we gaçybatalgalary hem bombalaýar diýdi.

Malaýziýanyň Daşary işler ministri Ysraýylyň Gaza zolagynda edýän işleriniň genosiddigini aýtmak bilen Ysraýyl halkara hukugynyň çynlakaý bozulmagy üçin jogapkärçilik çekmeli, sebäbi bu režim palestinalylary bilelikde jezalandyrýar diýip sözlerine goşdy.