“Ukraina, Ýesirleri Alyp Barýan Uçary Nyşana Aldy”
(last modified Wed, 24 Jan 2024 14:12:30 GMT )
Jan 24, 2024 19:12 Asia/Ashgabat
  •  “Ukraina, Ýesirleri Alyp Barýan Uçary Nyşana Aldy”

"Ukraina ýesir çalşygy üçin ukrainaly harby işgärleri alyp barýan rus harby ýük uçaryny nyşana aldy".

Russiýa, ukrainaly 65 ýesir bilen birlikde 74 ýolagçysy bolan rus uçaryna Ukraina tarapyndan raketa hüjüminiň guralandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainanyň Moskwa wagty bilen 11.15-de, Çkalowskdan Belgoroda uçan ýesir çalşygy üçin ukrainaly harby işgärleri alyp barýan rus harby ýük uçaryny nyşana alandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ukrainanyň terrorçylykly hüjüm gurandygy bellenildi.

Beýannamada, “Uçar, Ukrainanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Harkow sebitinden atylan raketa bilen urlup düşürildi”diýildi.

Beýannamada, uçardaky 6 ekipaž, ýesir çalşygy üçin giden ukrainaly 65 harby hünärmen bilen 3 rus eseriniň bardygy we uçardakylaryň ählisiniň ýogalandygy ýatladyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Ukraina şu gün ýesir çalşygy uçarynyň, ukrainaly harby hünärmenler bilen birlikde Belgorod howa menzilden uçjakdygyny bilýärdi”diýildi.

Beýannamada, ozal gazanylan ylalaşyga laýyklykda ýesirleriň günortadan soň Russiýa-Ukraina serhedindäki Kolotilowka gözegçilik merkezinde çalşylmagynyň göz öňünde tutulandygy nygtaldy.

Beýannamada “Ukrain hökümeti, Ukrainaly esgerleriň öldürilmegi meselesinde Russiýany günäkärlemek üçin şeýle hereket etdi. Ukraina terrorçylykly hüjüm guramak bilen hakyky ýüzüni görkezdi. Raýatlaryny pida etdi” diýildi.

Şeýle-de Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak saparynyň taýarlyk tapgyrynyň dowam edýändigini aýdan Dmitriý Peskow: "Russiýanyň we Türkiyäniň arasynda ýokary derejedäki saparlar gün tertipde we taýarlyk görülýär. Iki lideriň saparynyň senenamasy boýunça ylalaşyk gazanylan mahaly habar bereris" diýip mälim etdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew we Harkow şäherlerine garşy şu gün irden hüjümler gurandygyna ünsleri çeken Peskow, onuň Ukrainanyň goşunynyň geçen hepdäniň ahyrynda Donetske guran we 28 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjüme jogap hökmünde guralandygyny aýan etdi. 

Dmitriý Peskow: "Ýörite harby operasiýany dowam etdirýäris, emma resmi Kiýewiň tersine goşunymyz sosial desgalary, asuda ilatly ýerleri, asuda halky nyşana almaýar. Bu bolsa goşunymyzyň resmi Kiýewiň goşunyndan tapawutlylygy" diýip habar berdi.

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Donetsk şäherine geçen hepdäniň ahyrynda Ukrainanyň goşuny tarapyndan guralan hüjümde 28 adam ýogalypdy, azyndan 20 adam ýaralanypdy.

Russiýa ähli jogapkär hökümetleri we halkara guramalary bu hüjümi ýazgarmaga çagyrdy.

Kreml hem bu hüjümi "aýylganç terrorçylyk aksiýa" hökmünde häsýetlendirip, ýazgarypdy.