Gurana bihormatçylyk eden adamyň Şwesiýadan deportasiýa edilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i24342-gurana_bihormatçylyk_eden_adamyň_Şwesiýadan_deportasiýa_edilmegi
Şwesiýanyň immigrasiýa kazyýeti Gurany birnäçe gezek masgaralap, Yrakdan gaçybatalga gözleýän adamyň bu ýurtdan deportasiýa ediljekdigini habar berdi.
(last modified 2024-02-09T04:05:44+00:00 )
Feb 09, 2024 09:05 Asia/Ashgabat
  • Gurana bihormatçylyk eden adamyň Şwesiýadan deportasiýa edilmegi

Şwesiýanyň immigrasiýa kazyýeti Gurany birnäçe gezek masgaralap, Yrakdan gaçybatalga gözleýän adamyň bu ýurtdan deportasiýa ediljekdigini habar berdi.

Şwesiýanyň hökümeti, bu ýurtda yzygiderli Guranyň masgaralanmagy üçin Şwesiýanyň hemme ýerinde reaksiýalar we musulmanlaryň duýgularyny öjükdirmek we bu ýurduň daşynda diplomatik nägilelikleriň ýüze çykmagy we krizisiň bosagasynda durmagy sebäpli, ahyrynda Yrakly bosgun "Salwan Momikany" deportasiýa etmek kararyna geldi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin şwesiýalylaryň köpüsiniň Guranyň ýakylmagy bilen ylalaşmaýandyklaryna garamazdan, Şwesiýanyň jemgyýetçilik tory tarapyndan geçirilen soňky pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýarysyndan gowragy Guran ýaly mukaddes kitaplary ýakmagy gadagan etmegi goldaýandyklaryny aýtdylar.

Şol sebäpli we penşenbe güni Mizan habar gullugynyň hasabatyna görä; Bu ýurduň immigrasiýa kazyýeti birnäçe hadysada Şwesiýada Gurana bihormatçylyk eden Yrak bosguny Selwan Momikany deportasiýa etmek barada ylalaşdy.

Geçen ýyl (2023), Selwan Momika musulman ýurtlarynyň giňden garşy çykmagy we ýazgarylmagy bilen hem Gurana birnäçe gezek bihormatçylyk etdi.