Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
(last modified Tue, 27 Feb 2024 14:43:52 GMT )
Feb 27, 2024 19:43 Asia/Ashgabat
  • Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady

Wengriýanyň Milli Mejlisi Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklady.Wengriýanyň mejlisinde geçirlen sese goýulşykda 188 halk deputaty Şwesiýanyň NATO agzalygy üçin “kabul” sesini berdi.

Sese goýulşykda 6 halk deputaty garşy ses berdi, 4 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.Wengiýanyň bu karary bilen birlikde Şwesiýa NATO agza ähli ýurtlaryň goldawyny aldy.NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.Stoltenberg Şwesiýanyň NATO-nyň 32-nji agzasy boljakdygyny aýtdy

Şeýle-de NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýa-Ukraina uruşynyň başlan gününiň 2-nji ýylynda X sosial media hasabyndan beýannama berdi. "Söweş meýdanyndaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar. Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putiniň Ukraina eýe bolmak maksady üýtgemedi. Parahatçylyga taýarlanýandygy barada hiç hili alamat görünenok" diýip aýdan Stoltenberg, Ukrainanyň Russiýany basyp alan territoriýasynyň ýarsyndan, Gara deňiziň uly böleginden yzyna serpikdirendigini habar berdi. Ýens Stoltenberg bu ýagdaýda NATO ýaranlarynyň harby we ykdysady goldawynyň möhüm rol eýeländigini belläp, geçen birnäçe hepde ozal ýaranlaryň milliardlarça dollar gymmadynda täze kömek bukjasynyň beriljekdigini aýan edendiklerini mälim etdi. Putiniň bu uruşy NATO-nyň öňüni kesmek, Ukrainanyň agzalygyna böwet bolmak üçin başladandygyny aýdan Ýens Stoltenberg, tersine Ukrainanyň NATO hemişekiden has ýakyn ýagdaýa gelendigini aýan etdi. NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi. Biz sizi şol güne taýarlarkak, NATO Ukrainanyň ýanynda durmaga dowam eder" diýip nygtady. 

2-nji Jahan urşundan soň başdan geçirilen etapda uruşda ýok bolan infrastruktura we ýurtlaryň ösüş islegi bilen Belgiýa, Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa we Lýuksemburg tarapyndan 1948-nji ýylyň 17-nji martynda gol çekişilen Brýussel Ylalaşygy NATO-nyň döredilmeginiň başlangyjy hasaplanylýar.Ykdysady bileleşik we umumy syýasat alyp barýan tagallalary syýasy hem-de harby bileleşigiň döredilmegini mejbury ýagdaýa getirdi. Şol islegi kesgitleýän syýasy atmosfera Sowet Soýuzynyň Ýewropanyň ýarysyny basyp alma gorkysy goranyş guramasynyň döredilmeginiň düýp sebäbini emele getirdi. Sowet Soýuzy tarapyndan günbataryň gözegçiligi astyndaky Berline goýlan çäklendirme şol tagallalaryň depginini güýçlendirýär. 1948-nji ýylyň sentýabr aýynda günbatar Ýewropa bileleşiginiň goranyş mehanizminiň döredilmegine karar berilýär. Şol bileleşige ABŞ-nyň gatnaşmagy bilen Soweý Soýuzynyň öňündäki harby güýç deňagramlygy ýola goýuldy. Şol hyzmatdaşlyk arkaly Günbatar Ýewropada Germaniýada, Fransiýada, İtaliýada we beýleki ýurtlarda geljekde ýüze çykmagy ähtimal harby güýçlenmäniň hem-de täze bir Jahan urşunyň ýüze çykmagy howpy hem ortadan aýrylýar. Geçirilen syýasy geňeşmelerden soň 1949-njy ýylyň 4-nji aprelinde ABŞ-nyň Waşington şäherinde Demirgazyk Atlantik Ylalaşygyna gol çekişilýär. Ylalaşyga gol goýanlaryň hatarynda Brýussel ylalaşygyna tarap bolan bäş döwlet bilen ABŞ, Daniýa, İtaliýa, İzlandiýa, Kanada, Norwegiýa we Portugaliýa hem bardy. 

 

Tags