Amerikaly wekil: Netanýahu ýalançy
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň Demokratik agzasy Gaza zolagynda parahat ilatyň öldürilmegine nägilelik bildirip, genosid Ysraýyl režiminiň premýer-ministrini kezzap we ýalançy diýip atlandyrdy.
"Al Jazeera" teleýaýlymynyň habaryna görä, ýaňy-ýakynda basyp alnan ýerlere sapar eden Amerikan Kongresiniň wekili "Madeline Dean" Ysraýyl režimminiň Gaza zolagyna eden hüjüminiň metbugatda çap edilýänlerden has köpdügini aýtdy.
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň demokrat agzasy Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň asuda ilaty goramak üçin takyk hüjümleri amala aşyrjakdygy baradaky wadasynyň we howpsuz sebitleriň döredilmegi baradaky talaplarynyň ýalandygyny aýtdy.
Sionist režimi we onuň jenaýatçy ýolbaşçylary döredilen gününden bäri dünýäniň musulmanlarynyň arasynda ygtybarsyzdyr, emma häzirki wagtda Gaza zolagynda Ysraýyl režiminiň genosidi bilen baglanyşykly jenaýatlaryň we genosidleriň dowam etmegi bilen, dünýäniň musulman dälleriniň arasynda bu režgimee garşy çykýanlaryň sany hem köpelndir.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Sionist režimiň esasy goldawçysy bolup, ýarag we maliýe kömegi ibermekden aýry, Gazada ýaraşyk şertnamasyny we parahatçylyk karary taslamasyny üç gezek weto etdi.