Apr 22, 2024 12:10 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň prezidenti: Ysraýyl jenaýatlaryny bes etmeli

Türkiýäniň prezidenti, Eýranyň Ysraýyla eden hüjümine nägilelik bildirýän günbatar ýurtlarynyň Tel Awiwiň Gaza zolagyndaky jenaýatlaryny bes etmegini biragyzdan aýtmalydygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režimi Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine terrorçylykly hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Şol sebäpden, ýekşenbe güni irden (2024-nji ýylyň 14-nji apreli) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy bu basyp alyjy režimine garşy pilotsyz we raketa arkaly hüjüme geçmek bilen "dogruçyl wada adyndaky jezalandyrylyş" operasiýasy bilen jezalandyrdy.

Şondan soň, sionist režimini goldaýan käbir günbatar ýurtlary, bu  režimiň palestinalylara garşy eden jenaýatlary barada dymdylar, we hatda Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümindäki terrorçylykly hüjüme jogap bermek üçin Eýranyň kanuny hukugyny tankytladylar.

Tags