Kolumbiýa Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklaryny kesdi
(last modified Mon, 27 May 2024 09:19:29 GMT )
May 27, 2024 14:19 Asia/Ashgabat

Kolumbiýanyň Daşary işler ministri bu ýurt bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň bes edilendigini habar berdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Kolumbiýanyň Daşary işler ministri Luis Murillo düýn, ýekşenbe güni çykyşynda, ýurdunyň Prezident Kostawo Pietronyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurt, halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň berjaý edilmezligi sebäpli Sionist režim bilen gatnaşyklaryny kesdi diýdi.

Al Jazeera bilen söhbetdeşlikde Murillo Kolumbiýa bu ýurduň prezidentiniň Iordan derýasynyň günbatar sebitinde ýerleşýän Ramallahda Kolumbiýanyň ilçihanasyny açmak baradaky kararyny durmuşa geçirmegini dowam etdirýär diýdi.

Kolumbiýanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda, Pietro ilkibaşdan anyk pozisiýa eýeledi we Gazada bolup geçen jenaýatlary berk ýazgardy diýip yglan etdi.

Kolumbiýanyň Daşary işler ministri tussaglaryň boşadylmagy we ot açyşlygyň bes edilmegi üçin birnäçe wagt bäri işleýändigine ünsi çekmek bilen häzirki genosidi kabul edrliksiz hasaplady.

Gaza zolagyndaky Palestina Saglygy goraýyş ministrliginiň iň soňky statistikasyna görä, sionist režimi tarapyndan amala aşyrylan bu wagşyçylykly hüjümler başlaly bäri 36 müňe golaý adam şehit boldy we 80 müň 400-den gowrak adam ýaralandy.