Netanýahunyň Kudus baradaky puç hyýallary we ABŞ Kongresinde Eýrana garşy aýyplamalary
(last modified Wed, 26 Jun 2024 07:47:51 GMT )
Jun 26, 2024 12:47 Asia/Ashgabat
  • Netanýahunyň Kudus baradaky puç hyýallary we ABŞ Kongresinde Eýrana garşy aýyplamalary

ABŞ-nyň Kongresinde sionist režimiň premýer-ministri, ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ýok ýerinde derrew çykyşyny Eýrana garşy gürrüňleri bilen başlady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu düýn, 2024-nji ýylyň 24-nji iýuly, ABŞ Kongresinde eden çykyşyna sähelçe wagt geçensoň: "Ysraýylyň Gazadaky söweşi siwilizasiýalaryň çaknyşygy däl. Bu wagşyçylyk bilen siwilizasiýanyň arasyndaky söweşdir diýip toslady. ol sňzüniň dowamynda bu gün taryhyň çatrygynda duşuşýarys. Dünýämiz üýtgeýär diýdi. ol şeýle-de Günbatar Aziýada Eýranyň terror oky Amerika, Ysraýyl we arap dostlarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip toslap geçdi.

Çarşenbe güni basybalyjy sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryny goldamak üçin Amerikan Kongresiniň wekilleri 56 minutlyk çykyşdabu režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny 53 gezek alkyşladylar. bu onuň ABŞ Kongresinde dördünji çykyşy.

Ysraýyl režimiň premýer-ministri Eýrana garşy eden çykyşynda Milli aňtaw gullugynyň müdiriniň talaplaryna salgylanyp, Eýranyň Amerikada Ysraýyla garşy demonstrasiýalary maliýeleşdirýändigini öňe sürdi.

Amerikada sionist režimiň Gazadaky jenaýatlaryna garşy geçirilen köpçülikleýin nägileliklere gaharly Netanýahu, Palestina tarapdarlaryna: "Olar özlerinden utanmaly. Geň zat, Ysraýyla garşy çykyş edenleriň köpüsi Şeýtanyň tarapyny tutdylar olar Hamasyň ýanynda durdular." diýip toslady.

Sionist režimiň premýer-ministri, bu çykyşda dünýädäki jemgyýetçilik pikirini Gazadaky beýanatlaryndan we jenaýatlaryndan daşlaşdyrmak maksady bilen Eýrana hüjüm etmeklige ünsi jemledi we sözlerini dowam etdirdi we sözüniň üstüni  şeýle ýetirdi: "Eýran ähli terrorçylyklaryň we bidüzgünçilikleriň arkasynda durýar. "Eýran Ortagündogary basyp almak üçin ilki bilen Amerika garşy çykmalydygyny bilýär."

Netanýahu ABŞ Kongresiniň agzalaryna ýüzlenip: "Duşmanlarymyz siziň duşmanyňyz. Biziň söweşimiz, söweşiňiz we ýeňşimiz hem Amerikanyň ýeňşi. Hamasy ýeňmegimiz Eýranyň okuna güýçli zarba. Ysraýyla hüjüm edýänler agyr baha tölär we Amerika biziň arkamyzda

Ysraýyl režimiň premýer-ministri ABŞ Kongresinde eden çykyşynyň dowamynda "Baky paýtagtymyz Iýerusalim mundan beýläk bölünmez"  diýip toslady.

Ahyrda, Netanýahu ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trump-yň Palestina yslam garşylyk hereketine garşy durmak we Eýranyň ezilen Palestina halkyna berýän goldawyna garşy durmagyna ýokary baha berdi.