ABŞ-nyň Ýemeniň Ansarulla hereketine garşy Howpsuzlyk Geňeşinde hödürlän karary tassyklandy
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi, Gyzyl deňizdäki gämilere garşy alyp barýan işini togtatmak üçin Ýemeniň Ansarulla hereketine garşy ABŞ tarapyndan teklip edilen karary tassyklady.
IRNA-nyň anna güni beren hasabatyna görä; Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi karar kabul edip, Ýemeniň Ansarullahyndan gämilere edilýän hüjümleriniň hemmesini bes etmegini we Günbatar Aziýanyň halkara suwlarynda ýük daşamagynyň öňüni almakdan saklanmagyny isledi.
Bu karar 12 oňýn ses bilen goldanyldy we Hytaý, Russiýa we Alžrir bu karara ses bermekden saklandylar.
ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň orunbasary Robert Wud Ýemeniň Ansarullahynyň hüjümleriniň halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýandygyny we bu global meseläniň global çözgüdi talap edýändigini aýtdy.