Ukrainadaky söweş, Gazadaky wagşylyk / Çagalary kim öldürýär?
Şenbe güni basybalyjy Ysraýyl goşuny Han Ýunisdäki "Al-Mawasi" hüjüm edip 400-den gowrak palestinalyny şehit ýada ýaralady.
Gazadaky we Ukrainadaky söweşler inim-çykymly meseledir. Parstodaýyň pikiriçe, Gazada Ysraýylyň jenaýatlary başlandan we palestinalylaryň rehimsizlik bilen öldürilmeginden soň, kibernetik giňişlikdäki ulanyjylar bu urşy köp halatlarda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda görýänlerimiz bilen deňeşdirdiler.
Ukrainadaky urşuň başlangyç nokady Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) agza döwletleriň Ukrainany bu bileleşige birikdirmek synanyşygy boldy, Russiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky şertnama garşy gelen bu mesele Russiýanyň Ukrainadaky harby operasiýalaryna şert döretdi.
Ukraina söweşinde, territoriýasynyň 20% -inden köp bolmadyk bu topragyň diňe bir bölegi urşa gatnaşýar, emma Ysraýyl Režimi tutuş Palestina topragyny ençeme ýyl bäri deňsiz söweşe çekdi.
"Poýan" atly ulanyjy bu barada X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: