Talyban: Owganystan Palestina halkynyň tarapynda durýar
Owgan Talyban hökümetiniň daşary işler ministri Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde biz Hamas we Palestina halkynyň tarapyndadyrs diýdi.
IRNA-nyň çarşenbe güni beren habaryna görä, Owganystanyň hökümetiniň wagtlaýyn Daşary işler ministri "Amir Han Motaghi", Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Pekindäki palestinaly toparlaryň agzybirligini garşy almak bilen, Hamasyň tagallalary we pidakärçilikleri üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Jihadi göreşinde agzybirlige we tutanýerlilige, yslam ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarly bolmaklyga ünsi çekdi.
Motagi şeýle-de Häkimiýet başyndaky hökümet we Owganystanyň halky, sionist režime garşy palestina halkynyň hukuklaryny goramak üçin goldaw berer diýdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe hem Kabulyň Palestina babatdaky pozisiýasyna minnetdarlyk bildirdi we sionist basybalyjylar bilen gepleşikleriň soňky jikme-jikliklerini hödürledi.