BMG-nyň Baş sekretary: Gaza zolagyndaky ýagdaý doly betbagtçylyk
(last modified Fri, 26 Jul 2024 07:47:39 GMT )
Jul 26, 2024 12:47 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň Baş sekretary: Gaza zolagyndaky ýagdaý doly betbagtçylyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza zolagyndaky ýagdaý hiç hili söweş meýdanynda görülmedik doly betbagtçylykdyr diýdi.

IRNA-nyň anna güni beren hasabatyna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bolanymdan bäri, Gazadaky iň ýokary derejeli adam öldürmegiň we weýrançylygyň şaýady boldum diýdi.

Guterreş, Gaza zolagyna gumanitar kömek derejesiniň zerurlyklara doly laýyk gelmeýändigini belläp, biz doly kanunsyzlyk ýagdaýynda, Gaza sebitiniň hiç bir ýerinde howpsuzlyk üçin hiç kim jogapkärçilik çekmeýär we bu sebite gumanitar kömek kerwenleri talanýar diýdi.

Galp sionist režimi, Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, Gazanyň zolagynda we Günbatar Şeriýada Palestinanyň goragsyz we ezilen halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk edip gelýändir we Ysraýylyň basyp alyjy režiminiň jenaýatlary barada halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň dymmagy, palestinaly aýallaryň we çagalaryň bikanun Sionist režiminiň söweş enjamy tarapyndan öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp bolýandyr.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagynda şehit bolanlaryň sanynyň 39 müň 175 adama, ýaralananlaryň sanynyň 90 müň 403-e ýetendigini habar berdi.