Iňlisde protestleriň dowam etmeginden soň bu ýurtda hökümetiniň gyssagly ýygnagy
Geçen hepde bolan ganly hüjümden we üç sany gyzjagazyň Afrykalyr bir ýetginjek tarapyndan öldürilmeginden soň Angliýada nägilelikler dowam edýärkä, bu ýurduň hökümeti häzirki ýagdaýy çözmek üçin gyssagly ýygnak yglan etdi.
Angliýada gozgalaňlar demirgazyk-günbatar Sautport şäherinde geçirilen oturylyşykda pyçaklamak barada ýalan maglumatlar ýaýradylandan soň başlandy.
29-njy iýul, duşenbe güni Sautportda geçirilen pyçak hüjümi Angliýada yslama garşy duýgulary döretdi we bu ýurduň käbir sebitlerinde we şäherlerinde, şol sanda Mançester, Sautport, Sanderlend, Maryside, Bristol, Nottingem, Belfast we Liwerpulda dowam edýär.
Iňlis polisiýasy immigrantlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we musulmanlaryň birnäçe metjidine hüjüm edilendigini habar berdi.
Bu hüjümde üç gyzjagaz pyçak bilen öldürildi we 10 adam, şol sanda sekiz çaga ýaralandy.
Bu hüjümde güman edilýän 17 ýaşly oglan sagçy sosial ulgamlardaky ýalan maglumatlara görä gaýyk bilen Angliýa gaçybatalga gözleýän adamdyr, ýöne polisiýa bolsa şübheli adamyň Angliýada doglandygyny aýdýar.
Iňlis polisiýasy bu ýurtdaky köçe bidüzgünçiliklerinde 420 adamyň tussag edilendigini habar berdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Iňlisiň premýer-ministri Keir Starmer immigrasiýa garşy zorlukly çykyşlar güýçlenenden soň, duşenbe güni polisiýa başlyklary bilen gyssagly ýygnak geçirdi.
Iňlis premýer-ministri düýn demonstrantlara haýbat atyjy telewideniýede ýüzlenip, demonstrantlaryň gozgalaňlara gatnaşandyklaryna ökünjekdigini kepillendirip, demonstrantlary jogapkärçilige çekjekdigini aýtdy.