Liwiýanyň Günbatara ynam etmeginiň netijesi؛ ölüm we weýrançylyk/ X ulanyjylarynyň twitleri
https://parstoday.ir/tk/news/world-i25444-liwiýanyň_günbatara_ynam_etmeginiň_netijesi_ölüm_we_weýrançylyk_x_ulanyjylarynyň_twitleri
Liwiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň gatyşmagy bilen Muammar Gazzafiniň hökümetiniň agdarylmagyna sebäp bolan 2011-nji ýyldaky ynkylapdan bäri zorluga we syýasy durnuksyzlyga uçrady.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Aug 18, 2024 07:16 Asia/Ashgabat
  • Liwiýanyň Günbatara ynam etmeginiň netijesi؛ ölüm we weýrançylyk/ X ulanyjylarynyň twitleri

Liwiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň gatyşmagy bilen Muammar Gazzafiniň hökümetiniň agdarylmagyna sebäp bolan 2011-nji ýyldaky ynkylapdan bäri zorluga we syýasy durnuksyzlyga uçrady.

Liwiýa halky näme üçin Günbatary ýigrenýär? X sosial ulgamyň ulanyjysy Kewin Skott twitde Liwiýa halkynyň Günbatara ýigrenmeginiň we ynamsyzlygynyň sebäplerine ünsi çekdi.

Ondan öň şeýle ýazypdy:

Günbataryň aýylganç gatyşmagyndan on ýyldan gowrak wagt bäri Liwiýa syýasy durnuksyzlyk we bölünişik bilen göreşmegi dowam etdirýär. Günbataryň we oňa baknalaryň sebitde ynamsyz we ýigrenýändikleri geň däldir.

Liwiýadaky günbatar senariýasy Syýasy analitik we X sosial ulgam ulanyjysy Kudzai Mutisi twitde Günbataryň Liwiýadaky gurjaklaryny(bakna adamlaryny) ulanmagynyň senarisini ýazdy:

Liwiýadaky günbatar gurjaklary Gazzafini agdarmak üçin NATO-nyň goşulyşmagyny isledi. Bu senariýa tutuş Afrikada gaýtalanýar: Afrika ýurtlaryny boýkot etmek ýa-da bombalamak üçin günbatar gurjaklaryny ulanýarlar. Gazzafi ýok bolansoň, munuň uly ýalňyşlykdygyny aýdýarlar.