Guterreş, palestinaly çagalary goramak üçin Gazadaky söweşiň bes edilmegini nygtady
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary çagalary we parahat ilaty goramak üçin Gazadaky söweşiň bes edilmegini nygtady.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Gaza zolagynyň suw we lagym ulgamynda poliomiýelite ýokaşýan wirusyň bardygyny subut edenden soň, bir milliondan gowrak dozada poliomiýelit sanjymyny Gaza zolagyna iberdi.
IRNA-nyň habaryna görä; BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş poliomiýelite garşy sanjym sebäpli Gazanyň merkezindäki söweşleriň wagtlaýynça bes edilmeginiň terror hüjüminde seýrek umyt we adamzat şöhlesidigini aýtdy.
BMG-nyň Baş sekretary şeýle-de "Taraplar çagalary ölüm howply wirusdan goramaga razy bolup bilseler, çagalary we ähli bigünäleri uruş elhençliginden goramak üçin elbetde hereket edip biler" -diýdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Gaza zolagynda 160,000 çaganyň şu hepdäniň ýekşenbe we duşenbe günlerinde poliomiýelite garşy sanjymyň ilkinji dozasyny alandygyny habar berdi.