Halkara Günä geçiş guramasynyň Ysraýylyň uruş jenaýatlaryny derňemek islegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i25542-halkara_günä_geçiş_guramasynyň_ysraýylyň_uruş_jenaýatlaryny_derňemek_islegi
Halkara Günä geçiş guramasy, Ysraýyl režiminiň Gaza söweşinde palestinalylara garşy eden söweş jenaýatlaryny derňemäge çagyrdy.
(last modified 2024-09-06T07:31:14+00:00 )
Sep 06, 2024 12:31 Asia/Ashgabat
  • Halkara Günä geçiş guramasynyň Ysraýylyň uruş jenaýatlaryny derňemek islegi

Halkara Günä geçiş guramasy, Ysraýyl režiminiň Gaza söweşinde palestinalylara garşy eden söweş jenaýatlaryny derňemäge çagyrdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Halkara Günä geçiş guramasy, Ysraýylyň basyp alyjy goşunyna Gaza zolagynda söweş jenaýatlary etmekde şübhelenilip, halkara derňewiniň başlamagyny nygtady.

Bu hökümete degişli bolmadyk adam hukuklary guramasy 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan şu güne çenli Gaza zolagy bilen Ysraýylyň serhet ýakasynda binalaryň 90 göteriminden gowragynyň weýran edilendigini ýa-da zeper ýetendigini, oba hojalygynyň önümleriniň 59 göteriminiň weýran bolandygyny mälim etdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, sionistleriň Gaza zolagyna hüjümleri bir ýagdaýda dowam edýär welin 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri bu sebitde şehit bolanlaryň sany 40,861 adama, ýaralananlaryň sany 94,398 adama ýetendir.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen Ysraýylyň genosid regimi Gaza zolagynda we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda goragsyz we mazlum palestina halkyna, halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklarynyň dymmagy netijesinde köpçülikleýin gyrgynçylyk edip gelýändir.