Rim papasy Fransis Gazadaky çagalaryň öldürilmegini ýazgardy
Dünýä katolikleriniň lideri Gazonda çagalaryň sionist režimiň hüjümlerinde öldürilmegini ýazgardy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, dünýä katolikleriniň lideri "Rim papasy Fransis", Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy söweşini bes etmek baradaky gepleşikleriň şowsuzlygyna gynanýandygyny aýtdy.
Rim papasy Singapurdan Rime gaýdyp barýarka, parahatçylyk gepleşiklerinde öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.
Dünýä katolikleriniň lideri, Hamas hereketiniň aktiwistlerine hüjüm etmek bahanasy bilen Ysraýyl režimi tarapyndan mekdepleriň bombalanmagyny "ýigrenji" diýip atlandyrdy.
Sionist režimiň Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryna garşy 11 aýdan gowrak söweşden soň, Hamas hereketini ýok etmek we sionist tussaglary yzyna gaýtarmak ýaly iki maksat bilen yglan edilen bu söweş 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başlandy ýňne şu wagta çenli maksatlaryna ýetmedi.