Russiýa Ysraýylyň Liwana garşy harby we kiber hüjümlerini tankytlady
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Sionist režimiň Liwana garşy alyp baran söweşini ýazgardy.
IRNA-nyň habaryna görä, "Wasiliý Nebenzia" Liwana görlüp-eşidilmedik kiber hüjümini Liwanyň özygtyýarlylygyny düýpli bozmak we Liwana garşy bilelikdäki söweş hereketi diýip ýazgardy.
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Liwanyň günortasyndaky soňky wakalar we Ysraýylyň howa zarbalary sebäpli dartgynlygyň ýokarlanmagynyň Ysraýyl bilen Araplaryň arasyndaky konfliktiň güýçlenýän howply tendensiýasyny açyk görkezýändigini aýtdy.
Nebenzia şeýle-de, palestinaly öýleriň ekstremist Ysraýyl göçmenleri tarapyndan weýran edilýändigini we parahat ilatyň öldürilýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Bu rus resmisi, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň basyp alnan Günbatar Şeriýadaky çalt ýaramazlaşýan ýagdaýa reaksiýa bildirmeginiň zerurdygyny aýtdy we Ysraýylyň ýagdaýy erbetleşdirmek üçin gönükdirilen we bilgeşleýin syýasatlaryny tankytlady.