Ysraýyl režiminiň Eýrana garşy agressiw hereketine Hytaýyň reaksiýasy
YYsraýyl režiminiň ýakynda Eýrana garşy agressiw hereketine jogap hökmünde Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pekin ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyny bozmaga garşydyr diýdi.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Lin Jian Ysraýyl režiminiň geçen şenbe güni (26-njy oktýabr) irden Eýrana garşy agressiw hüjümi barada beren gürrüňlerinde, Pekiniň beýleki ýurtlaryň milli özygtyýarlylygynyň we howpsuzlygynyň bozulmagyna we hemişe güýç we zor ulanylmaga garşydygyny aýtdy.
Günbatar Aziýadaky häzirki ýagdaýyň diýseň dartgynlydygyny mälim eden Lin Jian şeýle-de Halkara jemgyýetçiligi, esasanam täsirli güýçler sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin zerur şertleri döretmekde konstruktiw rol oýnamalydyrlar diýdi.