Ysraýylyň giňelmegi we beýleki arap ýurtlaryna garşy agressiýasy barada duýduryş
(last modified Sat, 09 Nov 2024 10:10:05 GMT )
Nov 09, 2024 15:10 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň giňelmegi we beýleki arap ýurtlaryna garşy agressiýasy barada duýduryş

Arap ligasynyň öňki baş sekretary beýleki arap ýurtlaryna Ysraýylyň basyp alyjy režiminiň giňelmegi we agressiýasy barada duýduryş berdi.

Arap ligasy ýakynda sionist režimiň Gaza zolagynda eden genosid amallaryny ýazgardy we bu hereketleri palestinalylary zor bilen göçürmek baradaky giň meýilnamanyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Arap Bileleşiginiň öňki Baş sekretary "Amr Musa" Ysraýyl režiminiň sebit ýurtlaryna giňelmek ugrundaky tagallalaryna salgylanyp Ysraýylyň giňelmegi Saud Arabystanyna we Müsüre hem baryp biler diýdi.

Amr Musa şeýle-de Ysraýylyň Müsür hökümetinden 2 kilometr uzynlykdaky serhet zolagyny tabşyrmagy baradaky haýyşyna salgylanyp, bu,Müsüriň territoriýasyny Ysraýyla anneksiýa etmegiň başlangyjydyr diýdi.

Arap Bileleşiginiň öňki baş sekretary Donald Trumpyň Ysraýyl hakda kiçijik görünýändigi we has köp ýer birikdirilmegi zerurlygy baradaky aýdanlaryna salgylanyp, Ysraýyl topragyny çäksiz giňgeltmegiň yzyndadyr diýdi.

Bu aralykda, Amr Musa arap ýurtlarynyň, esasanam Saud Arabystanynyň we Müsüriň Ysraýyl  režiminiň basyp alyş çemeleşmesine garşy jebisligini nygtady.