TASS habar gullugy: Russiýa Assada gaçybatalga berdi
Russiýanyň TASS habar gullugy Başar Assad maşgalasy bilen Moskwa geldi we Moskwa hökümeti olara gaçybatalga hukugyny berdi diýip yglan etdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Siriýanyň ýaragly oppozisiýasynyň Damask şäherine gelmeginden we Siriýanyň prezidenti Başar Assadyň hökümetiniň ýykylmagyndan soň, metbugat çeşmeleri ýekşenbe güni irden onuň ykbaly we maşgalasy barada gapma-garşy habarlary çap etdiler.
Ýöne şu gün Kremliň köşgüniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Başar al-Assada we onuň maşgalasyna syýasy gaçybatalga bermegiň Russiýa Respublikasynyň prezidenti Wladimir Putiniň gönüden-göni buýrugy bilen edilendigini habar berdi.
Kremliň köşgüniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow şu gün Başar al-Assad bilen duşuşygyň Putiniň resmi gün tertibine girmeýändigini aýtdy.
Şeýle hem Peskow Başar al-Assadyň we maşgalasynyň Russiýadaky nirededigini agzamady.
Peskowyň bu aýdan sözleri bir ýagdaýda bolýar welin, Russiýanyň TASS habar gullugy ozal Başar al-Assadyň we maşgalasynyň Moskwa girendigini we Moskwa hökümetiniň olara gaçybatalga hukugyny berendigini habar beripdi.