Nebenzia: Günbatar Aziýadaky krizisiň sebäbi Amerikadyr
(last modified Sat, 18 Jan 2025 07:15:34 GMT )
Jan 18, 2025 12:15 Asia/Ashgabat
  • Nebenzia: Günbatar Aziýadaky krizisiň sebäbi Amerikadyr

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Günbatar Aziýada häzirki krizisiň möwjemeginiň ABŞ-nyň aýylganç syýasatlarynyň netijesidigini aýtdy.

ISNA-nyň habaryna görä, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia "Günbatar Aziýa krizisleri, Waşingtonyň şertsiz harby we halkara goldawyna eýe bolan Ysraýylyň görlüp-eşidilmedik harby operasiýasynyň netijesidir diýdi.

Bu ýokary derejeli rus diplomaty "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň betbagtçylykly syýasaty, tutuş Günbatar Aziýa sebitini, parahat ilaty we parahatçylygy goraýjy güýçleri öz içine alýan krizis ýagdaýynyň döremegine sebäp boldy" -diýdi.

Şol kontekstde Amerikaly senator Berni Sanders Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Benýamin Netanýahu ýarag iberip, Gazadaky genosid jenaýat işlerine gatnaşandygyny aýtdy.

Sionist režimeim tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy we harby kömegi bilen Gazanyň halkynyň genosidinden 15 aý geçdi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu režime goldaw bermegi adalat tarapdarlarynyň giň nägileligini döretdi.