Sanders: Amerika Gazadaky genosidiň hyzmatdaşydyr
Amerikaly senator öz beýanynda Amerikanyň Benýamin Netanýahua ýarag ibermek bilen Gazadaky genosid we jenaýat işlerine gatnaşandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; ABŞ-nyň senatory Berni Sanders Gazadaky ýaraşyk şertnamasyna salgylanyp, gynansagam, bu şertnama Netanýahunyň we onuň ekstremist kabinetiniň geçen maý aýynda ret eden meýilnamasydyr diýdi.
Sandersşeýle-de teklip edilýän meýilnama geçen ýylyň maý aýynda hödürleneli bäri 10,000-den gowrak adam öldürildi we Gazada parahat ilatyň ejir çekmegi güýçlendi diýiň sözlerine goşdy.
Sionist režimi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryna garşy weýrançylykly söweş başlady, netijede on müňlerçe palestinaly köpçülikleýin weýrançylykdan we ölümli açlykdan başga-da, köpüsi aýallar we çagalar, şehit boldylar we ýaralandylar.