Ysraýyl režimine Ärdoganyň nebit kömegi resminamalarynyň aýan edilmegi
Türkiýe mejlisiniň wekili, türk mejlisinde bu ýurduň sionist režimine berýän nebit kömegini subut edýän emeli hemra suratlaryny we nawigasiýa maglumatlary resminamalaryny görkezdi.
Türk Mejlisiniň agzasy "Gergerlioglunyň" pikiriçe, bu ýurt henizem Ysraýyl režiminiň esasy nebit üpjün edijilerinden biridir.
Sahab ulgamyň habaryna görä "Gergerlioglu" Türk Mejlisinde: Gämilerimiz ýerleşdiriji iberijileri öçürdi we Italiýa gidýän ýaly etdi; Emma emeli hemra suratlaryny barladyk, nebit göterýän “Nissos Delos” we “Seavigor” gämileri basyp alnan ýerlerdäki “Haýfa” we “Aşdod” portlaryna gitdi diýdi.
Mundan ozal, Türkiýäniň statistika gullugynyň hasabatyna görä, prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hökümeti sionist režimiň Gaza zolagyna eden rehimsiz hüjümleri wagtynda bu režime ýarag satdy.
Türkiye Ysraýyly ykrar eden we onuň bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýan ilkinji musulman ýurtdyr.
Türkiye bilen Sionist režimiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar 1949-njy ýylda kadalaşdy, soňra medeni, söwda we hatda harby derejelere ýetdi.