Grenlandiýanyň premýer-ministri: Amerikaly bolmak islemeýäris
https://parstoday.ir/tk/news/world-i26104-grenlandiýanyň_premýer_ministri_amerikaly_bolmak_islemeýäris
Grenlandiýanyň premýer-ministri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň bu adany dolandyrmak baradaky täze sözlerine jogap höküminde, Daniýanyň bu awtonom çäginiň geljegini özleri kesgitlemek isleýändigini we Amerikaly bolmak islemeýändigini aýtdy.
(last modified 2025-01-22T06:18:45+00:00 )
Jan 22, 2025 11:18 Asia/Ashgabat
  • Grenlandiýanyň premýer-ministri: Amerikaly bolmak islemeýäris

Grenlandiýanyň premýer-ministri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň bu adany dolandyrmak baradaky täze sözlerine jogap höküminde, Daniýanyň bu awtonom çäginiň geljegini özleri kesgitlemek isleýändigini we Amerikaly bolmak islemeýändigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Grenlandiýanyň premýer-ministri Mutt Agde düýn sişenbe güni çykyşynda “Biz Grenlandiýalylar Amerikaly bolmak islemeýäris. Daniýaly bolmak hem islemeýäris diýdi.

"Mutt Agde" sözüniň dowamynda Grenlandiýanyň geljegi Grenlandiýa tarapyndan kesgitlener diýdi.

Grenlandiýanyň Premýer-ministr şeýle hem bu adanyň "kyn ýagdaýa" duçar bolýandygyny nygtady.

2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanan gününden bäri ABŞ-nyň täze prezidenti Donald Trump, Daniýanyň awtonom territoriýasy bolan Grenlandiýany ABŞ-a birikdirmek islegi barada aýtdy. Hat-da Daniýany boýun egdirmek üçin harby we ykdysady güýç ulanylmagyny-da ret etmedi.