Trump söwda urşuny başlatdy
(last modified Sat, 01 Feb 2025 16:18:05 GMT )
Feb 01, 2025 21:18 Asia/Ashgabat
  • Trump söwda urşuny başlatdy

Donald Trump, Amerikaly sarp edijilere edilýän basyşyň artmagy we energiýa, awtoulag, agaç we oba hojalygyna zeper ýetjekdigi baradaky duýduryşlara garamazdan Kanada, Meksika we Hytaýa söwda nyrhlaryny girizdi.

IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump ahyrsoňy beren wadasyny ýerine ýetirdi we şenbe gününden başlap Kanadadan we Meksikadan getirilýän importlaryna 25% we Hytaý harytlaryna 10% nyrh girizdi.

Trumpyň bu çäresi, amerikan alyjylary üçin bahalaryň ýokarlanmagy baradaky aladalary döretdi. Ol uzak wagt bäri Amerikanyň içerki önümçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen bikanun immigrasiýa we senagat neşe gaçakçylygynyň öňüni almakda bu ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin nyrhlary ulanjakdygyny aýdyp haýbat atýardy.

Bu barada Sky News nyrhlar Trump üçin hem syýasy, hem ykdysady töwekgelçilik döredýär diýip habar berdi.