Alžir Netanýahunyň sözlerini ýazgardy
(last modified Tue, 11 Feb 2025 15:06:04 GMT )
Feb 11, 2025 20:06 Asia/Ashgabat
  • Alžir Netanýahunyň sözlerini ýazgardy

Alžiriň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Saud Arabystanynda garaşsyz Palestina döwletini döretmek baradaky teklibini berk ýazgardy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Alžiriň Daşary işler ministrligi Netanýahunyň sözlerini utandyryjy diýip atlandyrdy we Saud Arabystany bilen özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini nyşana alýan haýsydyr bir dildüwşüge garşy durmakda raýdaşlygy we durmagy nygtady.

mundan öň Liwanyň premýer-ministri hem Benýamin Netanýahunyň Saud Arabystanynda Palestina döwletini gurmak baradaky aýdanlaryny ýazgarypdy.

Nawaf Salam bu sözleri sionist režimiň arap ýurtlaryna garşy yzygiderli agressiýasy we içerki işlerine gatyşmak kontekstinde hasaplady.

Ol şeýle-de Palestina halkynyň öz topragynda garaşsyz döwlet gurmak hukugyny nygtady.

Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini ret etmegi we Saud Arabystanynyň çäginde gurmak teklibini berk ýazgardy we bu sözleri kabul ederliksiz, halkara derejesinde kabul edilen faktlara gapma-garşy we Saud Arabystanynyň özygtyýarlylygynyň aç-açan bozulmagy hasaplady.

Beýanatda şeýle sözleriň hemmeler tarapyndan kabul edilen ýörelgelere kemsidilmegi we Palestina halkynyň kanuny hukuklarynyň aç-açan bozulýandygy nygtaldy.

Sionist režimiň premýer-ministri ýakynda basyp alyjy režiminiň 14-nji kanaly telewideniýesine ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň palestinalylary Müsür we Iordaniýa ýaly goňşy ýurtlara geçirmek meýilnamasynyň "Gaza söweşinden bir gün soň" meýilnamasydygyny aýtdy.

Ol şeýle hem, Saud Arabystanynyň topragynda Palestina döwletiniň gurulmagyny isledi.