EUB-niň daşary syýasat başlygy: Palestinalylaryň Gazada galmaga hukugy bar
(last modified Sat, 15 Feb 2025 08:47:20 GMT )
Feb 15, 2025 13:47 Asia/Ashgabat
  • EUB-niň daşary syýasat başlygy: Palestinalylaryň Gazada galmaga hukugy bar

Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ysraýyl-Palestina konfliktini bes etmek meselesinde iki ýurduň çemeleşmesine ünsi çekdi we Palestinalylaryň Gazada galmaga hukugy bar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä Kaýa Kalas anna güni eden çykyşynda Ysraýylyň taryhyny we onuň döredilişini okasaň, esaslandyryjylaryň howpsuzlygy adalat bilen birleşdirmegiň zerurlygy barada ylalaşandyklaryny görersiň bolýar diýdi.

Ol sözüniň dowamynda bu, palestinalylaryň hukuklarynyň bardygyny we bu hukuklaryň hormatlanmalydygyny aňladýar diýdi. Olaryň Palestinde bolmaga hukugy bar. Ysraýyllar öz howpsuzlygy barada alada edýärler, emma palestinalylar hem döwlete eýe bolmaga mynasypdyrlar. Deňagramlylygy saklamalydygyna ynanýaryn we şonuň üçin Ýewropa Bileleşigi iki döwletli çözgüdi goldaýar diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Ysraýylyň premýer-ministri bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň 5-nji Fewralynda Gaza zolagyny doly ewakuasiýa etmegi we ýaşaýjylaryny goňşy arap ýurtlaryna, şol sanda Müsür we Iordaniýa göçürmägi we ABŞ-nyň Gaza zolagyna gözegçilik etmegini isledi.

Trumpyň sözlerinden soň dünýäniň köp ýurtlary, esasanam Müsür, Iordaniýa, Saud Arabystany, Katar, BAE, Kuweýt, Oman we Bahreýn ýaly yslam ýurtlary bu meýilnama garşydyklaryny mälim etdiler.