Grossi Eýran bilen ABŞ-yň gatnaşyklaryny isledi
Tanymal Amerikaly žurnalist bilen geçirilen söhbetdeşlikde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri "Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda aragatnaşyk bolmazlygy" barada alada bildirmek bilen ABŞ-nyň prezidentiniň Eýran bilen täze ylalaşyk gazanmak islegi baradaky aýdanlaryny garşy alyp, "Eýranyň şertnama isleýändigini bilýärin" diýdi.
ISNA-nyň habaryna görä, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi çarşenbe güni agşam "Wall Street Journal" gazetiniň habarçysy Lawrens Norman bilen söhbetdeş boldy.
Normanyň "X" sosial ulgamdaky şahsy sahypasyndaky we "Wall Street Journalda" neşir edilen hasabatyna görä, Grossi Norman bilen geçirilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyna yşarat etmezden, Eýranyň täze şertnama baglaşmak isleýändigine we ähli howpsuzlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny aýtmak bilen, "Eýranyň ýadro maksatnamasynyň ösüşi problemalary hasam ulaldýar, kiçeldýär " diýip toslady.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri, ABŞ-nyň iş bozarlyklaryna we Eýrana garşy hereketlerine, şol sanda bikanun we birtaraplaýyn sanksiýalaryň girizilmegine salgylanmazdan, Waşington bilen Eýrany "özara gatnaşyka" çagyrdy.
Ol şeýle-de "Gepleşiklere tarap hereket etmezligimiz problemaly bolar". "Hereket we gepleşiklere tarap gitmeli" diýdi.
Grossi entek Trump administrasiýasynyň işgärleri ýa-da Trumpyň özi bilen gürleşmändigini aýtmak bilen ýakyn wagtda bu meseläniň üýtgemegine umyt bildirdi.
Şeýle hem Grossi, Eýran bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda habarlaryň üçünji ýurtlara iberilmegi baradaky habarlaryň çap edilmegine reaksiýa bildirmek bilen "Bu mesele barada beýlekiler bilen çynlakaý gürleşdim, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda arka kanaly ýok" diýdi.