Hytaý yslam ýurtlarynyň Gaza baradaky pozisiýasyny goldaýar
(last modified Tue, 11 Mar 2025 08:33:59 GMT )
Mar 11, 2025 13:33 Asia/Ashgabat
  • Hytaý yslam ýurtlarynyň Gaza baradaky pozisiýasyny goldaýar

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pekiniň Yslam we Arap ýurtlarynyň Palestina meselesindäki kanuny aladalaryny we adalatly pozisiýalaryny yzygiderli goldaýandygyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Ning duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda, uruşdan soň Gazadaky hökümet" Palestini dolandyrýan palestinalylar "ýörelgesine eýermelidir diýdi.

Pars Today-iň Global Taýms gazetine salgylanyp beren habaryna görä, Mo Ning, uruşdan soň Gazadaky ýagdaý palestina halkyna öz topraklarynda öýlerini täzeden gurmaga mümkinçilik bermeli diýdi.

Mao şeýle-de Yslam ýurtlarynyň Gazadaky pozisiýalaryny goldaýandygyny mälim etmek bilen, Hytaý bu tagallalara goldaw bermek üçin halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýdi.

Şu nukdaýnazardan Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň başga bir metbugat sekretary Lin Jian, Trumpyň gaýtadan gurmak bahanasy bilen Gaza halkyny beýleki ýurtlara göçürmek meýilnamasyna salgylanyp, Pekiniň adamlaryň Gaza zolagyndan zor bilen göçürilmegine garşydygyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Yi anna güni Milli Halk Gurultaýynyň ýyllyk mejlisinde metbugat ýygnagynda, Gaza palestina halkyna degişlidir we Palestina topragynyň aýrylmaz bölegidir  we Gazadaky ýagdaýy zor bilen üýtgetmek üçin islendik operasiýa täze tolgunyşyk we başagaýlyk getirer diýdi.