Ýewropanyň Eýranyň ýadro meselesine diplomatik çözgüt tapmak islegi
Germaniýanyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň maksadynyň Eýranyň ýadro maksatnamasyna diplomatik çözgüt tapmakdygyny mälim etdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Germaniýanyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Troikanyň wekilleriniň Eýran bilen Ženewada geçirilen duşuşygyndan soň Ýewropalylar Eýran bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirerler diýdi.
Ýakynda Angliýa, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasy meselesinde Eýranyň wekilleri bilen gepleşik geçirdiler.
Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Troikasy, halkara sanksiýalarynyň köpüsini öz içine alýan "hereketlendiriji mehanizm" diýlip atlandyrylýan 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasynyň käbir düzgünlerini durmuşa geçirjekdigini aýtdy.
Bu düzgün, ýadro şertnamasyny goldaýan BMG karary bilen bilelikde oktýabr aýynda gutarýar.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi Hamaneh ozal Eýran bilen Ýewropanyň arasynda täze gepleşikleriň geçirilip bilinjekdigini yglan edip, "hereketlendiriji mehanizmini işjeňleşdirmäge hiç hili esas ýok diýipdi.