Callas: Gazadaky ýagdaý kabul ederlikli däldir
(last modified Wed, 19 Mar 2025 13:47:52 GMT )
Mar 19, 2025 18:47 Asia/Ashgabat
  • Callas: Gazadaky ýagdaý kabul ederlikli däldir

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ysraýylyň daşary işler ministri bilen söhbetdeşlikde Gaza zolagyndaky ýagdaýy "kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy.

Pars Today -iň habaryna görä,  Sionist režimi sişenbe güni irden Gaza zolagyna hüjümlerini täzeden başlady we 19-njy ýanwarda Müsüriň, Kataryň we ABŞ-nyň töwellaçylygy bilen başlanan gowşak atyşygy bes etmek şertnamany doly bozdy.

Gazanyň Saglyk ministrliginiň habaryna görä, Sionist režimiň Gaza eden täze hüjümlerinde 412 adam ölüp, 500-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Kaýa Kalas Brýusselde žurnalistler bilen söhbetdeşlikde sişenbe güni Sionist režimiň Daşary işler ministri Gideon Saar bilen geçiren söhbetdeşligine yşarat edip "düýn bu duşuşykda ýüze çykýan wakalar barada hem-de näme üçin beýle edýändigiňiz barada Saar bilen gürleşdim. Şeýle hem bu ýagdaýy kabul edip bolmajakdygyny oňa yglan etdim. Men parahat halkyň janyny almak meselesini aýratyn belledim" diýdi.

.Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy arap bäşligi (Müsür, Iordaniýa, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri) bilen ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýekşenbe güni Müsüre gitmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol şeýle-de Ysraýyla diplomatik basyşy artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.