Guterreş Ysraýylyň BMG birleşmelerine eden hüjümlerini berk ýazgardy
(last modified Tue, 25 Mar 2025 12:30:29 GMT )
Mar 25, 2025 17:30 Asia/Ashgabat
  • Guterreş Ysraýylyň BMG birleşmelerine eden hüjümlerini berk ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş Ysraýylyň basyp alnan Palestina sebitlerinde halkara guramasynyň birleşmelerine eden hüjümlerini berk ýazgardy we bu mesele boýunça doly we garaşsyz derňew geçirilmegini isledi.

Pars Today -iň habaryna görä, BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dujarric duşenbe güni Nýu-Yorkorkda žurnalistlere beren gürrüňlerinde, "soňky bir hepdäniň dowamynda Ysraýyl Gaza garşy weýrançylykly hüjümleri amala aşyrdy, ýüzlerçe parahat ilaty, şol sanda BMG-nyň işgärlerini öldürdi we ynsanperwer kömeginiň Gaza zolagyna ýetmeginiň öňüni aldy" diýdi.

BMG-nyň metbugat sekretary şeýle-de "netijede, BMG-nyň Baş sekretary ynsanperwerlik zerurlyklarynyň artmagyna we parahat ilaty goramak baradaky aladalarymyza garamazdan guramanyň Gazadaky gatnaşygyny azaltmak barada kyn karar berdi" diýdi.

Elbetde Dujarric "BMG Gazadan çykmaýar we Birleşen Milletler Guramasy asuda ilatyň ýaşamagyna we goralmagyna bagly kömegi bermäge borçlanýar" diýdi.