BMG: Ysraýylyň Gazada tiz kömek ulaglaryny atmagy uruş jenaýatydyr
(last modified Fri, 04 Apr 2025 07:25:14 GMT )
Apr 04, 2025 12:25 Asia/Ashgabat
  • BMG: Ysraýylyň Gazada tiz kömek ulaglaryny atmagy uruş jenaýatydyr

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça ýokary Komissary Ysraýylyň Gaza zolagynda tiz kömek ulaglaryny atmagy söweş jenaýaty diýip yglan etdi.

Pars Today -iň habaryna görä BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Türk, Iki hepde öň Gaza zolagynda 15 lukmanyň we gyssagly kömek işgäriniň öldürilmegi Ysraýyl goşunynyň uruş jenaýatlary baradaky aladalary hasam artdyrdy.

Türk Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip Gaza zolagynda Ysraýyl esgerleri tarapyndan lukmanlaryň we gyssagly kömek işgärleriniň öldürilmegi barada garaşsyz, gyssagly we düýpli derňew geçirilmelidir diýdi.

Palestina habar beriş serişdeleri Sionist režiminiň täze hüjümde palestinaly bosgunlaryň ýaşaýan ýeri bolan Gazala zolagynyň Jabaliýa düşelgesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugy (UNRWA) bilen baglanyşykly klinikany nyşana alandygyny habar berdiler.